- güpbi
- Pagtaly, gysga we galyň daşky geýim.∙ Hoşgeldi güpbüsiniň ýakalaryny galdyryp, dik oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Olaryň ikisi hem pagtaly jalbar, pagtaly güpbi, tilki derisinden gulakjyn geýinipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp (ü) ýazylýar.Meselem güpbi - güpbüde, güpbüler, güpbüsi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.